Türkmenistanyň Adalat ministrligi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemegiň hem-de olaryň möçberlerini gaýtadan hasaplamagyň tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Buýrugyny döwlet belligine aldy. Ol Hukuk maglumatlar merkeziniň saýtynda çap edildi. Üýtgetmelere laýyklykda, Türkmenistanda şahsy pensiýalary bellemegiň we tölemegiň düzgünleri beýan edilýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda şahsy pensiýa köp ýyllaryň dowamynda yhlasly, halal zähmet çekip, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanmagyna, jemgyýetiň we ykdysadyýetiň ösmegine, ýurdumyzyň goranmak ukybynyň berkidilmegine, howpsuzlygyň, jemgyýetçilik we hukuk tertibiniň, kanunçylygyň üpjün edilmegine aýratyn goşant goşan, Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada ýa-da (we) Türkmenistanyň birnäçe beýleki döwlet sylaglaryna mynasyp bolan, Türkmenistanyň 62 ýaşy dolan erkek raýatlaryna, 57 ýaşy dolan zenan raýatlaryna (mundan beýläk – raýat) bellenilýär. Şahsy pensiýa Ýörite toparyň çözgüdi bilen bellenilýär. Ýörite toparyň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar. Şahsy pensiýanyň bir aýlyk möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilýän binýatlyk ululygyň 20 (ýigrimi) essesi möçberinde bellenilýär. Bu barada giňişleýin şu salgydan okap bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir