Geografik hem strategik taýdan amatly ýerde ýerleşen, şeýle hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertler bilen üpjün edilen Türkmenabat Halkara howa menzili daşary ýurt awiakompaniýalarynyň gyzyklanmasyny barha artdyrýar. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gruziýanyň «GeoSky LLC» awiakompaniýasynyň howa gämileri Türkmenabat Halkara howa menziline tehniki gonuşlary ýerine ýetirmek boýunça ikitaraplaýyn şertnama baglaşyldy. Netijede «GeoSky LLC» awiakompaniýasy Çžençžou (Hytaý) — Türkmenabat (Türkmenistan) — Pariž (Fransiýa) we Çžençžou (Hytaý) — Türkmenabat (Türkmenistan) — Saragosa (Ispaniýa) ugurlary boýunça ýük gatnawlaryny dowamly amala aşyryp başlady diýip, howa menziliniň administrasiýasynda TmCars-a habar berdiler. Belläp geçsek, howa menziline bu awiakompaniýasynyň ilkinji barlap-synag gonuşy 2023-nji ýylyň iýul aýynda amala aşyrylypdy. Iki tarapyň arasynda geçirilen onlaýn duşuşykda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenabat Halkara howa menziliniň bu üstünligi ýurdumyzyň ulag-logistika pudagynyň ösýändigini ýene bir ýola subut edýär. Şeýle hem, Türkmenabat Halkara howa menziline Türkiýäniň «MNG Airlines» awiakompaniýasy tarapyndan hem dowamly tehniki gonuşlar ýerine ýetirilýär. Howa menziliniň hünärmenleri ýene-de birnäçe awiakompaniýalar bilen gepleşikleri alyp barýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir