Indoneziýa dili ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň resmi dili hökmünde ykrar edildi. Bu barada Indoneziýanyň DIM-niň X sosial ulgamyndaky sahypasyna salgylanyp, Report habar berýär. “Indoneziýa dili ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 10-njy resmi dili hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Şol bir wagtyň özünde, indoneziýa dili iş dili hökmünde ulanylyp bilner, Baş konferensiýanyň resminamalary bolsa indoneziýa diline terjime edilip bilner” – diýlip, habarda aýdylýar. “Bu ykrar etme ähli Indoneziýa milleti üçin buýsanç çeşmesidir” – diýip, Detik portaly Indoneziýanyň prezidenti Joko Widodonyň sözlerini getirýär. Indoneziýa dilinden başga-da, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň resmi dilleri iňlis, arap, ispan, italýan, hytaý, portugal, rus, fransuz we hindi dilleridir.