17-nji noýabrda işden çykarylan OpenAl kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman öz wezipesine gaýdyp geler. Bu barada kompaniýa X sosial ulgamyndaky sahypasynda resmi taýdan yglan etdi diýip, gazeta.ru habar berýär. “Biz Sem Altmanyň Bret Teýlordan (başlyk), Larri Sammersden we Adam D’Anjelodan ybarat müdirler geňeşiniň täze başlangyç düzümi bilen OpenAl-a baş müdir hökmünde dolanyp geljekdigi barada ylalaşyk gazandyk” – diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar. OpenAl ýolbaşçynyň wezipesini dikeltmek baradaky jikme-jiklikler bilen paýlaşmaga wada berdi. Altmanyň özi sahypasynda kompaniýa bolan söýgüsini bildirdi. “Täze müdirler geňeşi we Satýanyň (Satýa Nadella, Microsoft-yň baş müdiri) goldawy bilen men OpenAl-a gaýdyp barmaga we MSFT (Microsoft) bilen berk hyzmatdaşlygymyzy ýola goýmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, Altman ýazdy. Belli bolşy ýaly, kompaniýany Altman bilen bilelikde terk eden OpenAl-yň egindeş esaslandyryjysy Greg Brokman hem öňki wezipesine gaýdyp geler. Öňki baş müdiriň wezipesiniň haçan dikeldiljekdigi heniz habar berilmeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir