Lukmanlar Hindistanyň 26 ýaşly ýaşaýjysynda 38 dişiň bardygyny hasaba aldylar. Bu adaty uly adamda bolmalydan alty diş artykdyr. Onuň aşaky äňde dört we ýokarky äňde iki goşmaça dişi bar diýip, MIR 24 habar berýär. Kalpana Balanyň bu dişleri ýetginjek ýaşynda ösüp başlady. Olar gyzda agyra sebäp bolmasalar-da, oňaýsyzlyk döredýärler, sebäbi olaryň arasynda, köplenç, iýmit galýar. Kalpananyň aýtmagyna görä, onuň ene-atasy artykmaç dişleriň çykýandygyny görüp, geň galdy we olary aýyrmagy maslahat berdi. Ýöne diş lukmany dişler ulalýança garaşmaly boljakdygyny aýtdy, sebäbi şol wagt olary aýyrmak aňsat däldi. Olar doly ösenlerinden soň, gyz proseduradan geçmekden gorkup, olary saklamak kararyna geldi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasyny alandan soň bolsa, öz çözgüdinden hoşaldygyny aýtdy. Kalpana Balan zenanlaryň arasynda diş sany boýunça dünýä rekordyny goýdy. Onuň geljekde rekordy täzelemek ähtimallygy bar, sebäbi onuň ýene-de iki dişi çykmaly. Erkekleriň arasynda rekord 41 dişi bolan kanadaly Ewano Mellona degişlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir