MMA Junkie saýty Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli promouşeniň taryhyndaky iň gowy 30 söweşijiniň reýtingini hödürledi. Bu sanawda ýeňil agramda guramanyň çempiony titulyna eýe bolan Habib Nurmagomedow bäşinji orunda ýerleşdi diýip, gazeta.ru habar berýär. “Habib – karýerasyny ýeňilmedik çempion hökmünde tamamlan ýeke-täk söweşiji. MMA-da sportdan gitmek barada sözünde durýan seýrek. Ýöne haçan-da Habib tamamlandygyny aýdanda, bu çyn ýürekden eşidilipdi. Ol dünýäde iň gowy tälimçileriň biri boldy. Ýöne onuň özi oktagona çykanda, islendik garşydaşdan üstün gelýärdi” – diýlip, makalada görkezilýär. Habibden öňde Anderson Silwa, Demetrius Jonson, Jon Jons we Žorž Sen-Pýer bar. Habib Nurmagomedow garyşyk başa-baş söweşde (MMA) 29 söweş geçirip, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy. 2023-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Nurmagomedow söweş bilen bagly ähli zady taşlandygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir