Sony Pictures “Karateçi oglanjyk 2” filminde oýnajak aktýorlaryň atlaryny mälim etdi. Baş keşpleri Jeki Çan we “Karateçi ýigit” franşizasynda hem-de “Kobra Kaý” serialynda oýnan Ralf Maççio ýerine ýetirer diýip, film.ru belleýär. Çan we Maççio täze wideoda tomaşaçylara ýüzlenip, baş keşp üçin global kasting barada yglan etdiler. “Karateçi oglanjygyň” (“The Karate Kid”) birinji bölüminde Jeýden Smit oýnady. Onuň sikwelde peýda boljakdygy belli däl. Dowamyň relizi 2024-nji ýylyň 13-nji dekabryna meýilleşdirilýär. Režissýor hökmünde Jonatan Entuistl çykyş eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir