Ýaponiýanyň Toyota Motor kompaniýasy tormoz ulgamyny bejermek üçin 580 müň awtoulagy yzyna çagyrar. TASS bu barada NHK teleýaýlymyna salgylanyp habar berýär. Bu ulaglaryň pedallaryndaky boltlaryň nädogry berkidilmegi, iň erbedi bolanda, tormozlaryň işlemezligine sebäp bolup biler diýlip bellenilýär. Häzirki wagta çenli näsazlyk bilen bagly hiç bir hadysa hasaba alynmady. Tormoz ulgamyny bejermek üçin haýsy ulaglaryň yzyna çagyryljakdygy barada habar berilmeýär. 3-nji noýabrda Toyota Denso korporasiýasynyň ýangyç nasoslary oturdylan ulaglaryň agzalan nasoslarynyň näsazlyk tapmagy sebäpli 328 müň ulagy yzyna çagyrdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir