Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi syýahatçylyk pudagynda «Gid-terjimeçi» hünäri boýunça gysga möhletleýin okuwlara çagyrýar. Türkmenistanda ýokary netijeli we bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk kärhanalaryny döretmek, syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýäniň dürli künjeginden Türkmenistana gelip görmäge isleg bildirýän jahankeşdeleriň sany ýylyň-ýylyna artýar. Hut şonuň üçin hem, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi «Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)» hünäri boýunça gysga möhletleýin okuwlary açdy. Okuwlaryň dowamlylygy — 3 aý. Bu okuwlaryň barşynda ýaşlara: syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek; myhmanlary kabul etmek boýunça ýokary derejeli hyzmatlary hödürlemek; kärhanalary ussatlyk bilen dolandyrmak boýunça bilimler öwrediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir