2023-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 940 million amerikan dollaryna golaý boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär. 2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 795,5 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 146,4 million amerikan dollary möçberde ýokarydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 7-nji orny eýeledi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 143,7 million amerikan dollaryna deň boldy. Şunlukda, Türkmenistan Özbegistanyň eksportynda 12-nji basgançakdan ýer aldy. Umumylykda 2023-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 939,1 million amerikan dollaryna deň boldy. Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda 6-njy ýeri eýeledi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 10 aýynda Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 50 milliard 973 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 20 milliard 470 milliony eksportyň, 30 milliard 503 milliony bolsa importyň paýyna düşýär. Mundan ozal 10 aýda 32,5 müň türkmenistanlynyň söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana barandygyny habar beripdik.