Fransiýanyň paýtagtynyň baş şaýoly — Ýeliseý meýdanlary Täze ýyl baýramçylyk yşyklaryna beslendi diýip, «Habar 24» ýazýar. Bu ýerdäki 400-e golaý daragt altyn öwüşginli yşyklara çolandy. Jahankeşdelerdir ýerli ýaşaýjylar olary synlamaga gelýärler. Baýramçylyk yşyklaryny Parižiň häkimi we Ýeliseý meýdanlary geňeşiniň başlygy dabaraly ýagdaýda ýakdylar. Yşyklar köçeleri geljek ýylyň ýanwarynyň ortalaryna çenli ýagtyldar. Roždestwo yşyklary agşam sagat 5-den gije 2-ä çenli ýanýar, Roždestwoda we Täze ýyl gijelerinde daň atýança şöhle saçar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir