20-nji noýabrda Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürlik forumynda 19 Ähtnama we umumy bahasy 8 million 160 müň ýewro bolan ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Halkara maglumat merkezi habar berdi. Iki ýurduň telekeçileriniň işewür duşuşygy hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna taýýardygyny görkezdi. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň işewür wekiliýeti german hyzmatdaşlary bilen duşuşyklary geçirdi, olaryň barşynda strategik hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewürlik forumynyň dowamynda germaniýaly telekeçileriň türkmen bazaryna bolan gyzyklanmasy artdy. Munuň özi bolsa uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin ýokary mümkinçiligiň bardygyny görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir