Türkmenistanyň ýaşaýjysy Tylla Şirdatowa «AYUSH» maksatnamasynyň çäklerinde ýoga boýunça bakalawr bilimini almak üçin talyp hakyny gazandy we Hindistana okuwa iberildi. Hindistana ugramazdan ozal ol Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Widhu Pithambaran Nair bilen duşuşdy. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi. Hindistan Hökümetiniň «AYUSH» minisrligi däbe öwrülen hindi lukmançylygy bilen bagly bilim almak, gözleg işlerini geçirmek we ony ýaýratmak boýunça dalaşgärlere halkara talyp haklaryny berýär. «AYUSH» bu ministrligiň garamagyndaky alternatiw saglygy goraýyş ulgamlarynyň atlaryny (Ayurveda, Yoga and Naturopathy, Unani, Siddha, Sowa Rigpa, and Homeopathy) öz içine alýan gysgaça adalgadyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir