Parižde geçen söwdalaşykda Napoleon Bonopartyň meşhur başgaby 2,1 million dollara satyldy diýip, «Informburo.kz» saýty ýazýar. Ilkibaşda fransuz harby serkerdesiniň ikiburçly başgabyny 600-800 müň ýewro bahaladylar. Ony satyn alan müşderi öz adyny gizlin galdyrmak isledi. Taryhçylar söweş meýdanynda fransuz patyşasyny hut şu başgabyndan tanandyklaryny aýdýarlar. Napoleonyň uzak ýyllaryň dowamynda geýen şeýle başgaplarynyň 120-e golaýy bolupdyr. Häzirki wagtda dünýäde olaryň 20 sanysy galypdyr, olar hususy toplumlarda saklanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir