20-nji noýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň analitiki merkezleriniň forumyny döretmäge bagyşlanan «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew hem gatnaşdy diýip, ilçihananyň Metbugat gullugy habar berýär. Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariaty tarapyndan guralan bu çärä Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ylmy wekilleri hem-de bilermenler toparlary gatnaşdylar. Çärede edilen çykyşlarda öz çäklerinde Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň analitiki merkezleriniň hem-de bilermenleriň hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna mümkinçilik berýän dialog üçin meýdançanyň döredilmeginiň hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan täze ugurlaryny gözlemekde möhüm ädim boljakdygy nygtaldy. Şeýle hem duşuşyga gatnaşanlar 2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň netijelerine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, forumyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň «MA — KR» formatynda dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrmagyna möhüm goşant goşandygy nygtaldy. «Tegelek stoluň» mejlisiniň netijesinde Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň analitiki merkezleriň forumynyň işiniň başlandygy barada Bilelikdäki beýannama kabul edildi, şeýle hem ilkinji forumyň 2024-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçiriljekdigi aýdyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir