Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow DÇ ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäginde Gonkongyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyk barada pikirlerini paýlaşdy: ― Toparymyz taktiki we fiziki başarnyklaryny güýçlendirmek üçin yyzgiderli işleýär. Ähli maksadymyz ― ýeňiş. Gonkongyň güýçli garşydaşdygyny bilýäris, ýöne öz güýjümize hem ynanýarys. Zähmetimiziň ýerine düşüp, janköýerlerimizi begendirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Gonkong ― Türkmenistan duşuşygy 21-nji noýabrda Gonkong stadionynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir