Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyryndan orun Gonkong bilen oýunda esasy düzümde meýdança çykjak oýunçylary belli boldy. «Gonkong» stadionynda geçiriljek oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi: Derwezeçi: Resul Çaryýew («Arkadag»); Goragçylar: Wepa Jumaýew («Energetik-BGU»), Ata Geldiýew («Ahal»), Abdy Bäşimow («Arkadag»); Ýarymgoragçylar: Meýlis Durdyýew («Arkadag»), Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata»), Welmyrat Ballakow («Arkadag»), Elman Tagaýew («Ahal»), Ruslan Mingazow («Kitçi»); Hüjümçiler: Arslanmyrat Amanow («Arkadag»), Altymyrat Annadurdyýew («Arkadag»). Ýeri gelende bellesek, türkmen futbolçylary bu oýunda ak köýnekçede meýdança çykarlar. Gonkongly futbolçylar bolsa gyzyl köýnekçede oýnarlar. Mundan ozal, duşuşyga BAE-li eminler toparynyň bellenilendigini habar beripdik. Şeýle-de okaň: Капитан сборной Туркменистана Аманов: «Надеюсь, что болельщики будут гордиться нашей игрой с Гонконгом»

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir