Ýylyň esasy sport wakalarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilmäge juda mynasyp Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna barmak büküp sanaýmalyja günler galdy. Çempionat heniz başlanmanka täze rekordyň eýesi boldy. Bu rekord oňa gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň sany bilen baglydyr. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasyndan berilýän maglumatlara görä, Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna Ýer ýüzüniň 53 döwletinden 490-dan gowrak adam gatnaşar. Şol sanda olaryň 243-si türgenlerdir. Bu bolsa yzda galan 13 çempionatyň rekkordçysy ― geçen ýyl Hindistanda geçirilen dünýä çempionatyndan hem 126 adamyň köpdügini görkezýär. Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy 25-nji noýabrda bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir