Häzirki minutlarda futbol boýunça 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň Aziýa boýunça saýlama böleginiň «E» toparçasyndaky Gonkong ― Türkmenistan duşuşygy dowam edýär. Birinji ýarymdan soňra Türkmenistan 2:1 hasabynda öňde barýar. Duşuşykda türkmen ýygyndysynyň gollaryny Ruslan Mingazow geçirdi. Gonkongyň ýeke-täk goluny Waý Wong geçirdi. Iki ýygyndy mundan ozal Dünýä çempionaty ― 2010-yň birinji saýlama tapgyrynda hem duşuşypdylar. Şonda Gonkongda geçirilen duşuşyk 0:0, Aşgabatdaky duşuşyk bolsa 3:0 hasabynda türkmen ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir