СО2-niň howa taşlanýan zyňyndylarynyň ýarsyndan gowragy dünýäniň iň baý adamlarynyň bir göterimine, ýagny 77 million adama degişlidir. Stokgolmyň daşky gurşawy institutynyň hünärmenleri şeýle netijä geldiler diýip, «Habar 24» ýazýar. Bu zyňyndylar geljek onýyllykda bir milliondan gowrak adamyň pida bolmagy üçin ýeterlikdir. Eger ýurtlar boýunça görkezijilere seretseň, mysal üçin, 2019-njy ýylda ýokary girdejili ýurtlara zyňyndylaryň ýarysyna golaýy, pes ösen ýurtlara bary-ýogy 0,4 göterimi degişli bolupdyr. Hünärmenler şonuň üçin çakdanaşa girdejili adamlara ýokary salgyt bellemegi teklip edýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir