Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi 2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýurda garyndaşlaryny görmäge gelýän daşary ýurtly raýatlaryň sanyny mälim etdi. Oňa laýyklykda, hasabat döwründe jemi 4 million 652 müň sany daşary ýurtly agzalan maksat bilen Özbegistana barypdyr. Şonuň 7,4 müň sanysy Türkmenistanyň raýatlarydyr. Bellenilişi ýaly, Özbegistana garyndaşlaryny görmäge barýan raýatlarynyň sany boýunça Türkmenistan altynjy orny eýeledi. Bu ugurda öňdäki bäşlikden Täjigistan (1 million 659,2 müň), Gyrgyz Respublikasy (1 million 379,2 müň), Gazagystan (1 million 101,6 müň), Russiýa Federasiýasy (406,6 müň) hem-de Türkiýe Respublikasy (41,5 müň) orun alypdyr. Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal şu ýylyň dokuz aýynda Özbegistana söwda we täjirçilik maksatlary bilen raýatlarynyň sany boýunça Türkmenistanyň birinji orny eýeländigini habar beripdik. Ýagny hasabat döwründe goňşy ýurda söwda we täjirçilik maksatlary bilen baran daşary ýurtlularyň 62,6 göterimi türkmenistanlylar bolupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir