Ýer jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň welaýatdaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» ýaly müdirlikler boýunça şu ýylyň başyndan bäri goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 176 müň tonna golaýlady. Bu görkeziji geçen on aýyň meýilnamasynyň 12 müň 948 tonna artygy bilen berjaý edilendiginden habar berýär. Şunda «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça nebit çig malyny almak baradaky meýilnamalaryna iki esse artygy bilen hötde gelendiklerini nygtamak gerek diýlip, habarda bellenilýär. Tutuş trest boýunça degişli döwürde düýpli abatlanan guýularyň 367-sine derek 436-synyň nebitgaz çykaryş müdirliklerine ulanyşa tabşyryldy. Şunda olaryň 199-sy trestiň «Goturdepe» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir