20-nji noýabrda golaýda kabul edilen «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanundan gelip çykýan talaplar, girizilen täze kadalaryň ýurduň daşary söwdasyny ösdürmekdäki ähmiýeti barada pudagara maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda guraldy. Maslahata Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň düzüm birlikleriniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, jogapkär hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda habar berilýär. Çärede Gümrük kodeksine goşulan «Ygtyýarly ykdysady operator» atly täze babyň Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekdäki ähmiýeti baradaky pikir alyşmalara aýratyn orun berildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary Ygtyýarly ykdysady operatorlar düşünjesi, onuň hukuk esaslary, olara bildirilýän talaplar, gümrük amallary geçirilende olar üçin göz öňünde tutulan ýörite ýönekeýleşdirmeler, gümrük edaralary bilen Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara gatnaşygy, Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň işi boýunça halkara tejribe barada giňişleýin düşündirdiler. Maslahatyň barşynda Gümrük kodeksine täze babyň goşulmagy bilen bagly öňki hereket edýän kadalara girizilen üýtgetmeler, olardan gelip çykýan ýeňillikler, olardan peýdalanmagyň ugurlary aýdyňlaşdyryldy diýip, çeşme belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir