Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda şu ýylyň geçen döwründe 1 milliard 989 million kilowat-sagatdan hem gowrak elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Munuň özi bellenilen meýilnamadan 23 million kilowat-sagatdan hem köp energiýa öndürilendigini aňladýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň tutuş dowamynda üç çalşykda bökdençsiz işledilýän elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagy tutuş sebitde öndürilýän elektrik togunyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 108 göterimden hem gowrak ýokarlandyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir