«Bossan Concept» dükanlar zynjyrynda üsti garly emeli Täze ýyl arçalaryna aksiýa yglan edildi. Baýramçylygyň esasy nyşanynyň bahalary 1250 manatdan başlaýar. Aksiýa beýikligi 2,1-den 3 metr aralygynda bolan agaçlar degişlidir. Arçalar ýokary hilli materiallardan ýasalandyr, pürleri gür ýerleşýär we garlylyk täsirini döredýän emeli gar bilen örtülendir. «Çagalar Täze ýyl arçasynyň aşagyndan sowgat gözläp başlajak pursatlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, şonuň üçin hem owadan arçalar diňe bir bezeg däl, eýsem, biziň çagalyk ýatlamalarymyzyň bir bölegidir» diýip, «Bossan Concept» dükanyň wekili belledi. Şeýle hem «Bossan Concept» dükanlarynda bahasy 15 manatdan başlaýan yşyk-diodly girlýandlary hem-de Täze ýyl arçasyny bezemek üçin dürli göwrümli, şekilli we reňkli oýunjaklary satyn almak mümkindir. Aksiýa 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyryna çenli dowam eder. «Bssan Concept» dükanlary Aşgabatda şu salgylarda ýerleşýär:

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir