«Daşoguzmiwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň döwrebap ammaryna welaýatyň daýhan birleşiklerinde, ençeme daýhan hojalyklarynda ýetişdirilen, şeýle-de aýry-aýry kärendeçiler tarapyndan öndürilen dürli miweleriň, gök we bakja ekin önümleriniň täze tapgyry gelip gowuşdy. Önüm öndürijiler bilen baglaşylan şertnamalar esasynda şu ýylyň 10 aýynda bu ammar ýeralmanyň 3 müň 679 tonnasyny, soganyň 555, gawundyr garpyzyň, kädiniň jemi 151, hyýaryňdyr pomidoryň 4 müň 500 tonnadan gowragyny kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Önümler degişli edaralara we ilata tapgyrlaýyn ugradyldy. Güýz paslynyň häzirki günlerinde käşir, sogan, kelem ýaly gök önümleriň bol hasyly ýygnaldy we bu iş gyzgalaňly dowam etdirilýär. Önümler kärhananyň iň kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýörite jaýlaryna ýerleşdirilýär. Habarda bellenilişi ýaly, ýedi ýyl bäri netijeli işleýän ammar welaýat merkeziniň senagat önümçiliginiň ençeme kärhanalarynyň jemlenen günbatar künjeginde ýerleşýär. Ol gök we miwe önümleriniň 3 müň tonnasyny ýylyň dowamynda terligine saklamaga niýetlenendir. Umumy meýdany 3,6 gektara barabar bolan ammaryň çäginde aýry-aýry jaýlarynyň 23-si ýerleşýär. Olarda ýylyň her pasly üçin önümleriň zaýalanmazlygyny üpjün edip biljek howanyň derejesi üýtgewsiz saklanýar. Munuň üçin kuwwatly ýyladyjy hem sowadyjy enjamlaryň ençemesi ornaşdyrylypdyr. Her biri aýratyn desga bolan bu jaýlara ýerleşdirilen ähli önümler edil gelip gowşan günündäki ýaly terligini saklaýar. Innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän kärhanada işçi-hünärmenleriň 40-a golaýy zähmet çekýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir