Bütin dünýäde şekeriň nyrhy birdenkä gymmatlady diýip, «Habar 24» ýazýar. Muňa El-Ninýo hadysasy bilen bagly dünýäniň sebitleriniň birinde dowamly guraklyk, beýlekilerinde bolsa güýçli sil joşmalary sebäp boldy. Tebigy betbagtçylyklar iri şeker öndüriji ýurtlar bolan Nigeriýany, Hindistany we Tailandy gurşap aldy. Bu ýyl Hindistanda hasylyň köp böleginiň ýitirilmegi sebäpli şeker önümçiligi 8 göterim azalar. Nigeriýada çörek bişirijiler şekeriň soňky iki aýda 55 göterim gymmatlamagy bilen baglylykda, kärhanalaryny ýapmaga mejbur bolýarlar. Şeker ýurduň 210 million ilaty üçin esasy hörek bolan çörek önümçiliginde zerurdyr. BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, dünýäde şekeriň önümçiligi 2023 we 2024-nji ýyllarda 2 göterim azalar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir