22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli aralygy öz içine alýan bu möwsüm güýzüň öz ornuny gyşa berýän döwri bolansoň, howanyň duýdansyz üýtgemegi ýaly ýagdaýlar köp ýüze çykýar. Bu ýyl akrabyň agzy aýazly bolsa-da, ol maýyl geldi diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär. Gyş paslynyň başlangyjy hasaplanýan garagyşda tebigatda bolup geçýän käbir ýagdaýlary synlap, ata-babalar gyşyň nähili geljegini anyklapdyrlar. Eýsem, bu ýyl garagyş döwründe nähili howa garaşylýar? Köp ýyllaryň dowamynda ata-babalaryň milli senenamasyna daýanmak bilen, anyk çaklamalary berýän çarwalar bu ýyl gyşyň başynyň onçakly gazaply bolmajakdygyny aýdýarlar. Akrap ýyly gelen bolsa-da, sowuk howa akymynyň ýurduň çägine aralaşjak döwri dekabryň ortalarynda bolar diýlip çaklanylýar. Şeýle-de bolsa, gyşa örän taýýarlykly bolmaly diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir