Çabgalardyr sil joşmalary netijesinde Somalide 41 adam pida boldy, 1,7 milliondan gowrak adam ejir çekdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar. Güýçli çabgalar Somalide oktýabrda başlandy, netijede, 640 müň adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy. Olaryň arasynda mergi we içgeçme kesellerinden ejir çekýänleriň artýandygy habar berilýär. Ýollar, köprüler, howa menzillerinde uçuş-gonuş zolaklary sil suwlaryndan harap boldy. Ýurduň 740 müň ýaşaýjysyna haýyr-sahawat kömegi berildi, emma haýyr-sahawat maksatnamalaryny mundan beýläk maliýeleşdirmekde kynçylyklar artýar diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir