«PETRONAS» Türkmenistanyň bütin çägi boýunça turbageçiriji döretmek boýunça işjeň işleýär. Muny «Petronas Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ismadi Ismail, Bakuwda geçirilen SPE tehniki konferensiýasynda mälim etdi. «PETRONAS» üpjünçilige bolan ýokary islegi kanagatlandyrmak üçin turbageçiriji ulgamyny giňeltmäge we gündogar-günbatar energiýa transportyny ýokarlandyrmak üçin täjirçilik goldawyny durmuşa geçirmäge çalyşýar» diýip, «Trend.az» Baş ýerine ýetiriji direktoryň sözlerini getirýär. Ismadi Ismail bu kompaniýanyň häzirki wagtda Hazar deňzinde nebit çykarandygyny, munuň bolsa Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeläp biljekdigini aýtdy. «Energiýa iberiji hökmünde geljekde üpjünçiligiň hilini ýokarlandyrmak üçin tehniki taraplary ösdürmegiň üstünde işleýäris» diýip, I.Ismadi sözüniň üstüni ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir