Eger aşyklar birek-biregiň duýgularyna ynamdar bolsalar, onda toý gurmak üçin senäniň gowusy ýa erbedi bolmaz: olar öz söýgüsini haýsy günde äşgär etmek kararyna gelseler, olar üçin şondan gowy gün ýokdur. Emma köpler senelerdäki sanlaryň özboluşlylygyna aýratyn ähmiýet berýärler-de, toý senesini numerologiýa üns bermek bilen, owadan senelerde bellemegi ýerlikli hasap edýärler. Aşgabatda ýerleşýän «Ak Ýol» toý mekany öňünden sargyt edilen ýagdaýynda toý dabaralaryny ajaýyp senelerde guramaga giň mümkinçilik döredýär. Eýýäm häzirden bu ýerde toý dabaralaryny 2024-nji ýyl üçin meýilleşdirip bolýar, esasanam, ýetip gelýän ýylda şeýle owadan seneler az däldir. Olaryň aglabasynda 2024-nji ýyla kybap gelýän 0, 2 we 4-lük sanlar bar. Bu seneleriň iň ajaýyplarynyň biri 2-nji aprele (02.04.2024ý.) düşýär. Ýene bir ajaýyp sene – 24.02.2024ý. — şenbe güni bolýar. 24.04.2024ý. senesi hem owadan seneleriň biridir (Çarşenbe). Gyşda toý etmek üçin matematiki taýdan iň sazlaşykly we iň ýakyn sene 04.02.2024ý. senesidir. Bu sanlar görnüşi ýaly aýna öwüşginli bolup, toý gününiň haçandygyny kän bir ýadynda saklap bilmeýänler üçinem ýeňil ýatda galar. Onuň başga bir artykmaçlygy — 4-nji fewral ýekşenbe güni bolýar, bu bolsa şol gün toýa köp sanly myhmanlary çagyrmak üçin amatly boljakdygyny aňladýar. «Ak Ýol» toý mekanynyň administrasiýasy bu ýerde adaty däp bolşy ýaly, ýaş çatynjalara ýetirilýän toý sowgatlary barada hem ýatladýar. Olaryň hataryna ýaşlar üçin myhmanhanadan lýuks otagyň, «Lincoln» gelnalyjy awtoulagynyň, yşyklandyryş hem-de aýdym-saz enjamlarynyň, lazer we emeli bug-tüsse şüweleňiniň tölegsiz esasda ýetirilýändigini bellemek bolar. «Ak Ýol» toý mekanynyň durmuş toýuny bellemekde esasy tapawutly ýeri — toýuň tölegini garaşaryna, 36 aýyň dowamynda möhletleýin tölemek şertiniň bolmagydyr. «Ak Ýoluň» täze ýola goýan hyzmatlaryna göçme dabaralar we sadakalar, oturylyşyklardyr maşgala çäreleri üçin niýetlenen dürli görümli hem-de islendik ululykdaky çadyrlary kärendesine bermek girýär. Çadyrlary kärendesine bermek bilen birlikde, toý mekany göçme dabaralary bellemek üçin zerur bolan ähli hyzmatlaryň toplumyny hem hödürleýär. Oňa baýramçylyk stolunyň göwnejaý bezegi, tejribeli hyzmatçylaryň medeniýetli hyzmat etmegi we toý ýeriniň kaşaň bezegleri degişlidir. «Ak Ýol» toý mekany müşderilere şu salgyda garaşýar: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý. Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir