Futbol boýunça DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyryndan orun alan duşuşykda Türkmenistan myhmançylykda Gonkongyň ýygyndysy bilen deň oýnady. «Gonkong» stadionynda geçirilen oýun 2:2 hasabynda tamamlandy. Türkmen ýygyndysynyň düzüminde Ruslan Mingazow iki gezek (4-nji we 36-njy minutda) tapawutlandy. Ýer eýeleri oýnuň dowamynda iki gezek yzda galandyklaryna garamazdan, Weý Wongyň we Ewerton Kamargonyň gollary bilen hasaby deňlemegi başardylar. «E» toparçasyndan orun alan ikinji oýunda Özbegistan öz öýünde Eýran bilen 2:2 hasabynda deň oýnady. Daşkentde geçirilen oýunda myhmanlaryň iki gol aratapawudy öňe geçip, soňra bilen arkaýynlaşmagy netijesinde, özbek futbolçylary ikinji ýarymda ýeňlişden halas bolmagy başardylar. Şeýlelikde, häzirki wagtda «E» toparçada Eýran 4 utuk bilen liderlik edýär. Ikinji orundaky Özbegistanda hem 4 utuk bar. Türkmenistanyň we Gonkongyň bolsa hersinde 1 utuk bar. DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynyň nobatdaky oýunlary 2024-nji ýylyň mart aýynda geçiriler. Geljek ýylyň 21-nji martynda türkmen futbolçylary myhmançylykda Eýrana garşy meýdança çykarlar. 26-njy martda bolsa Türkmenistan Aşgabatda Eýrany kabul eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir