Mis şaýy pullardan gyrma golça Pakistandaky ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Mohenjo-Daroda geçirilýän gazuw-agtaryşlar wagtynda tapyldy. Bu taryhy ýadygärlikde soňky 93 ýylda ele salnan iň uly hazynadyr diýip, «MIR 24» ýazýar. Ind jülgesinde iri şäher bolan Mohenjo-Daro biziň eýýamymyzdan öňki 2600-1900-nji ýyllarda gülläp ösüpdir. Mundan dört müň ýyl ozal ýerli ýaşaýjylar ony terk edipdirler. Hazynanyň umumy agramy bäş ýarym kilogramdan geçýär. Şaýylyklaryň biri-birine bitişendigi üçin olaryň ýüzündäki ýazgylary okamak başartmady. Emma alymlar laboratoriýa şertlerinde mis pullary arassalap boljakdygyna ynanýarlar. Mohenjo-Daronyň arheologiýa bölüminiň direktory Şakir Şah pullaryň Kuşan döwrüne degişli bolmagynyň mümkindigini aýdýar. Kuşan döwleti takmynan biziň eýýamymyzyň I-III asyrlarynda dowam edipdir. Bu döwlet Ind jülgesiniň dürli sebitleriniň arasynda söwdanyň, diplomatiýanyň we medeni gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm hyzmaty bitiripdir diýip, «Arkeonews» neşiri ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir