23-24-nji noýabrda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçiriler. Bu barada «Howar» habarlar agentligi habar berdi,. Mejlisiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususan-da, özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşylar. Şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça pikir alşylar. Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sentýabr aýynda Duşenbe şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde täjik Lideri Emomali Rahmon bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça meselelere hem garalar. Ýeri gelende bellesek, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 11-nji mejlisi 2022-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir