2024-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň (Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň) hem-de Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ilkinji ýokary derejeli sammit geçiriler. Bu sammitiň maksady agzalan taraplaryň arasynda «5+1» formatyndaky dialogyň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow «NHK» ýapon kanalyna beren interwýusynda mälim etdi. Gyrgyzystanyň Prezidentiniň bellemegine görä, degişli formatdaky ilkinji sammit 2024-nji ýylda Astana şäherinde geçiriler. Sammitde Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy seljeriler we geljegi uly ugurlar kesgitleniler. Ýeri gelende bellesek, gyrgyz Lideri golaýda Ýaponiýa resmi sapar bilen bardy hem-de ol ýerde ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen gepleşikleri geçirdi. Şol gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk meselelerine hem üns çekildi.