Şu gün Ýewropa medeniýetiniň Türkmenistandaky günleriniň çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ÝB-niň wekilhanasynyň binasynda metbugat maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi we Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Şeýle hem iň ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygy bellenildi. Türkmen tarapy parlamentara gepleşikleriniň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny, bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklaryna ähmiýet berilýändigini aýtdy. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» hyzmatdaşlyk formaty gatnaşyklary giňeltmekde möhüm gurallarynyň biri hökmünde bellenildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag, sanlylaşdyrma, ekologiýa we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol sanda, bilim, saglygy goraýyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Metbugat maslahatyna gatnaşyjylar gazanylan üstünlikler we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir