Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Elektronika dünýäsi» dükanynda uly arzanladyş dowam edýär. Aksiýanyň çäklerinde müşderiler dükandan «HITACHI» brendiniň sowadyjylaryny 15%-den 40%-e çenli arzanladyş bilen satyn alyp bilerler. Hitachi Ýaponiýanyň ýokary hilli brendi bolup, ol özüniň döwrebap tehnologiýalary, ygtybarlygy we owadan dizaýny bilen tapawutlanýar. Şeýle-de dükanda «SAMSUNG», «BOSCH», «KARCHER», «TCL», «Delonghi», «Gorenje» ýaly dünýä belli brendleriň harytlarynyň ähli görnüşleri 15%-e çenli arzanladyldy. «Uly arzanladyş» aksiýasy «Elektronika dünýäsi» dükanynyň ammaryny boşatmak we ony täze görnüşli harytlar bilen ýerini doldurmak maksady bilen yglan edildi. Aksiýa 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 6-syna çenli dowam eder. Arzanladyşdaky harytlaryň sany çäkli. Şonuň üçin amatly mümkinçiligi elden bermäň! Satyn alnan ähli harytlara kepillik berilýär, şeýle hem eltip bermek hyzmaty bar. Habarlaşmak üçin 14 22 53. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir