Pakistan geljek 2024-nji ýylda BRIKS halkara guramasyna girmek üçin arza berdi, bu barada Pakistanyň Russiýadaky täze bellenen ilçisi Muhammad Halid Jamali aýtdy diýip, TASS habar berdi. Bu barada «Belta.by» saýty ýazýar. Ilçi bu ugurda Pakistanyň geljek ýyl guramada başlyklyk edýän Moskwanyň goldawyna bil baglaýandygyny nygtady. Häzirki wagtda BRIKS guramasynyň düzümine Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we GAR girýär. Şu ýyl Ýohannesburgda geçen sammitiň netijesi boýunça 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan gurama ýene alty ýurt — Argentina, Müsür, Eýran, Efiopiýa, BAE we Saud Arabystany girer. Emma Argentinanyň täze saýlanan Prezidenti Hawýer Mileý öz ýurdunyň gurama girmegine garşy çykýar diýip, «MIR 24» ýazýar.