24-nji noýabrda Astanada jemgyýetçilik telekeçileriň ilkinji Merkezi Aziýa gurlutaýy bolar. Bu çärä 300-den gowrak jemgyýetçilik telekeçisiniň, şeýle hem döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we beýlekileriň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada «Ustinka» ýazýar. Çäräniň dowamynda hünärmenler Merkezi Aziýada üstünlikli jemgyýetçilik telekeçilik taslamalary boýunça tejribelerini paýlaşarlar. Jemgyýetçilik telekeçiligi arkaly jemgyýetçilik meseleleri çözmekde innowasion çemeleşmeler, döwletiň telekeçileri goldamakdaky orny we jemgyýetçilik başlangyçlaryny maliýeleşdirmegiň gurallary barada pikir alyşmalar geçiriler. Habarda bellenilişi ýaly, möhüm mowzuklaryň biri-de jemgyýetçilik telekeçileri, döwlet edaralary we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bolar. Gurlutaý Gazagystanyň jemgyýetçilik innowatorlar birleşiginiň (ASI) başlangyjy bilen we Gazagystanyň Milli ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň, Astana häkimliginiň hem-de «Eurasian Resources Group»-nyň (ERG) goldamagy bilen guralýar.