2024-nji ýyl Russiýada «Maşgalanyň ýyly» diýlip yglan edildi. Bu ugurda degişli karara RF-niň Prezidenti Wladimir Putin gol çekdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Russiýanyň döwlet Baştutany hökümete 27-nji dekabra çenli ýörite guramaçylyk topary döretmegi we geçiriljek çäreleriň maksatnamasyny tassyklamagy tabşyrdy. Kararda degişli çözgüdiň maşgala ulgamynda döwlet syýasatyny wagyz etmek we maşgalany, maşgala gymmatlyklaryny goramak maksady bilen kabul edilendigi bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir