Indonez dili ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň resmi dili diýlip ykrar edildi diýip, ýurduň DIM-niň başlygy özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi, bu barada «Report.az» ýazýar. «Indonez dili ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 10-njy resmi dili hökmünde ykrar edildi. Mundan beýläk indonez dili iş dili hökmünde peýdalanylyp bilner, Baş maslahatyň resminamalary indonez diline terjime ediler» diýip, ýurduň daşary işler ministri ýazdy. Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo munuň bütin indonez milleti üçin buýsançly wakadygyny nygtady. ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň resmi dilleri iňlis, arap, ispan, italýan, hytaý, portugal, rus, fransuz we hindi dilleridir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir