Lebap welaýatynyň pagtaçylary bilen döwlete tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklar bökdençsiz geçirilýär. Şu döwre çenli olara 48,5 million manat paýlanyldy diýlip, welaýat neşirinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň daýhanlary goldamak, olar bilen hasaplaşyklary wagtly-wagtynda geçirmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi. Şoňa laýyklykda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki şahamçalary möhüm işleri talabalaýyk guraýarlar. Olar pagtaçy kärendeçiler bilen gutarnykly hasaplaşyga hem guramaçylykly girişdiler. Şu maksat bilen pagtaçylara häzire çenli 45 million manat berildi.