«Apple» ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasy diýlip yglan edildi. «Interbrand Corp.» konsalting kompaniýasynyň barlaglarynyň netijesinde onuň brendi 502,6 milliard dollar bahalandy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. «Apple» eýýäm on bir ýyldyr, sanawda ilkinjiligi saklap gelýär. Ikinji orunda 316,6 mlrd dollar bahasy bilen «Microsoft», ondan soňra «Amazon» (276,9 mlrd) we «Google» (260,2 mlrd) gelýär. Ilkinji bäşligi, geçen ýyldaky ýaly, 91,4 mlrd dollar bahalandyrma bilen günorta koreý «Samsung» kompaniýasy jemledi. «Toyota» altynjy orunda (64,5 mlrd dollar) orun aldy, ondan soňra «Mercedes-Benz» (61,4 mlrd), «Coca-Cola» (58 mlrd), «Nike» (53,7 mlrd) we «BMW» (51,1 mlrd) ýerleşdiler. «Interbrand Corp.» kompaniýasynyň seljerijileriniň sözlerine görä, dünýäniň iň gymmat brendleriniň umumy bahasy geçen ýyldakydan 5,7 göterim artypdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir