Işe girizilen pursatyndan şu güne çenli «Baku — Tbilisi — Jeýhan» (BTJ) turbageçirijisi arkaly dünýä bazarlaryna 4,3 milliard barrel nebit iberildi. Muny «BP» kompaniýasynyň maliýe meseleleri boýunça sebitleýin wise-prezidenti Kolin Alan Bakuwda geçirilen 10-njy Hazar tehniki konferensiýasynda eden çykyşynda aýtdy diýip, «APA-Economics» habar berdi. Onuň bellemegine görä, BTJ 17 ýyl bäri hereket edip gelýän ýokary tehnologik mümkinçilikleri bolan infrastruktura desgasy bolup durýar. Kolin Alan bu geçen döwür içinde BTJ-niň üsti bilen 4,3 milliard barrel nebitiň, şol sanda Azerbaýjan nebiti bilen bir hatarda Gazagystandan we Türkmenistandan nebit daşalýandygyny aýtdy. Belläp geçsek, Uzynlygy 1,768 km bolan BTJ turbageçirijisi 2006-njy ýylyň iýun aýynda işe girizilipdi. Häzirki wagtda BTJ turbageçirijisi, esasan, «Azeri — Çirag — Güneşli» blogyndan nebit we «Şahdeniz» ýatagyndan kondensat daşaýar. Mundan başga-da, Hazar nebitiniň we kondensatyň (Gazagystan we Türkmenistan) sebit boýunça beýleki mukdary BTJ arkaly daşalýar.