22-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Gullugyň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi. Duşuşykda Latwiýa Respublikasynyň Döwlet girdejiler gullugynyň gümrük müdiriýetiniň müdiriniň orunbasary Sandra Karkline-Admine, şeýle hem Latwiýa Respublikasynyň Azyk we weterinariýa gullugynyň serhet gözegçilik bölüminiň müdiri Iweta Şise-Trede çärä gatnaşyjylar bilen tejribelerini paýlaşdylar. Duşuşygyň barşynda gümrük, fitosanitar we weterinariýa gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşyldy we bu ugurda bar bolan kanunçylyga syn berildi. Bu duşuşyk Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMKA-10) 2023-nji ýylyň 2-nji ýarymy üçin Iş meýilnamasyna laýyklykda Serhetleriň üstünden söwda akymlaryna ýardam ediş komponentiň çäginde geçirildi diýip, çeşme habar berýär. Belläp geçsek, ÝB-niň bilermenleri Türkmenistana barlag-goýberiş nokatlarynda serhet gözegçiligine gatnaşýan gümrük, fitosanitar we weterinariýa gulluklarynyň arasynda pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tehniki missiýa bilen geldi.