Ýewraziýa ösüş banky (ÝÖB), Aziýa ösüş banky (AÖB) we Aziýa infrastruktura maýa goýum banky (AIMGB) «Merkezi Aziýada durnukly ösüşe goldaw bermek» atly «tegelek stoluň» dowamynda sebitdäki daşky gurşaw we durmuş standartlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, «Trend.az» habar berdi. ÝÖB-iň Durnukly ösüş müdirliginiň dolandyryjy müdiri Konrad Albrehtiň bellemegine görä, ÝÖB diňe bir öz işinde iň oňat durnukly ösüş tejribesini durmuşa geçirmäge däl, eýsem karz alyjylaryň we hyzmatdaşlaryň arasynda iň ýokary standartlary we ülňüleri öňe sürmäge çalyşýar. Onuň belleýşi ýaly, bank häzirki wagtda daşky gurşaw we sosial jogapkärçilik syýasatyny kabul etmegiň tamamlaýjy tapgyrynda barýar. AÖB-iň wekilleri öz gezeginde häzirki wagtda Merkezi Aziýada durnukly ösüş pudagynda ülňüleri ulanmak tejribesiniň, esasan, daşky gurşaw meselelerine gönükdirilendigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda AÖB sebitdäki iş syýasatyny täzeleýär, onuň durmuş tarapyna köp üns berýär, ilatyň bähbitlerini nazara almagyň gerimini giňeldýär, ýerli jemgyýetler we ýerli hökümetler bilen işleýär. Şeýle hem, «tegelek stoluň» dowamynda AIMGB-niň daşky gurşaw we jemgyýetçilik ösüşi boýunça baş hünärmeni Daşky gurşaw we durmuş taraplary syýasatynyň iň soňky görnüşine laýyklykda, bank tarapyndan goldanylýan taslamalar dogrusynda durup geçdi.