«BMW» N52 maşgalasyna degişli alty silindrli hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan 155 müň awtoulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Munuň sebäbi «VANOS» gaz paýlaýjysynyň fazalaryny üýtgetmek ulgamynda kemçiligiň ýüze çykmagydyr diýip, «Autoevolution» ýazýar. Tehniki taýdan hyzmat ediş çäresi «Z4» rodsterlerine, 1-nji we 3-nji seriýaly awtoulaglara (F30 kuzowyndaky), «X3» we «X5» krossowerlerine degişli bolar. 2014-nji ýylyň başynda kompaniýa 2010 – 2012-nji ýyllar aralygynda şol bir N52 hereketlendirijisi bolan awtoulaglary yzyna çagyrypdylar. «VANOS-yň» elementlerini berkidiş ulgamynda ulanylýan alýumin boltlaryň gowşamaga we döwülmäge meýillidigi ýüze çykaryldy. Olary mugt çalyşdylar. Bejerişden soň ýerine ýetirilen işler we detallar 10 ýyl möhlet bilen kepillendirildi. Şol döwürde 170 müňden gowrak awtoulag yzyna çagyrylypdy. Häzirki wagtda olaryň käbirinde ýene kemçilik ýüze çykdy. Şonuň üçin «BMW» olarty ikinji gezek yzyna çagyrmak kararyna geldi. Kompaniýa diňe ABŞ-nyň özünde birnäçe ýüz sany kepillik talaplaryny gaýtadan işledi. Şeýlelikde, indi ýerine ýetirilen abatlaýyş işleri üçin 10 ýyl kepillik berilmeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir