Amazon-dan, Google-dan we Meta-dan soň, Microsoft hut öz ýöriteleşdirilen prosessorlaryny işläp taýýarlamagy karar etdi. Olar neýroulgamlaryny türgenleşdirmek we Azure eýeçilikli bulut serwerlerinde ulanmak üçin niýetlenendir. Azure Maia AI çipi häzirki wagtda emeli aň okuw ulgamlaryny gurmak üçin iň meşhur çözgüt bolan Nvidia-nyň gyt H100-ine alternatiwa hökmünde göz öňünde tutulýar. Ony ulanýan ulgamlar, esasanam, GPT modellerini taýýarlamakda OpenAI (Microsoft-yň strategiki hyzmatdaşy) üçin peýdaly bolar. Mundan başga-da, täze önüm öndürilende ChatGPT döredijileriniň islegleri gönüden-göni hasaba alyndy. Ikinji prosessor ARM arhitekturasy bolan 128 ýadroly Azure Cobalt CPU bolup, ol bulut hasaplamasy üçin optimallaşdyryldy hem-de öndürijiligi we güýji sarp etmegi deňleşdirmek üçin çeýe mümkinçilikleri bar. Kompaniýanyň habar bermegine görä, iki çip hem 2024-nji ýylda müşderiler üçin elýeterli bolar. Microsoft olary işläp düzmek bilen bir hatarda, müşderiler tarapyndan talap edilýän meseleler üçin ähli serwer programma üpjünçiligini we enjamlaryny optimizirledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir