Ginnesiň rekordlar kitaby täze awtoulag rekordynyň wideosyny çap etdi. Ford Ranger Raptor kysymly awtoulag iki tekerinde 88 santimetr giňlikdäki aralykdan geçmek bilen, rekord goýdy. Ulagy öňem birnäçe rekordy goýan iňlis kaskadýory Pol Swift sürüp geçdi. Swiftiň aýtmagyna görä, bu rekordy goýmak oňa aňsat düşmedi we munuň üçin ol öňem birnäçe gezek synanyşypdy. Üýtgäp durýan güýçli ýel we pikapyň beýikligi muňa päsgel berdi – Raptor, adaty Ranger bilen deňeşdirilende, aşagynyň ýerden beýikligi we agramynyň artdyrylandygy bilen tapawutlanýar. Iki tekere ynamly galmak üçin berkidilen rampa gurmaly boldy. Şol bir wagtyň özünde, kaskadýor bu modeli onuň hut ygtybarlylygy üçin saýlandygyny aýtdy. Bu rekord şanly gün mynasybetli goýuldy: noýabr aýynyň her üçünji penşenbesi Ginnesiň bütindüýä rekordlar kitabynyň güni hökmünde bellenilýär.