Amerikanyň Apple elektronika öndürijisi iPhone 16 -da grafen sowadyş ulgamyny ulanmagy we aşa gyzmak meselesini çözmegi meýilleşdirýär. Bu barada X sosial ulgamynda Kosutami lakamly insaýder habar berdi, onuň maglumatlaryna, köplenç, ýöriteleşdirilen Günbatar habar beriş serişdeleri salgylanýar. Kosutami gysga habar çap etdi, onda Apple-iň täze iPhone 16-ny işläp düzeninde grafen sowadyş ulgamynyň üstünde işleýändigi mälim edilýär. Çeşmäniň belleýşi ýaly, Pro seriýaly smartfonyň batareýasynyň korpusy demir bilen çalşyrylar. Bu habar çap edilenden soň, MacRumors neşiri "bu ädim Apple-iň şu ýylyň başynda programma üpjünçiligi täzelenmesi bilen çözen, iPhone 15 Pro-da giňden gabat gelýän gyzmak meselesine jogap bolmaly" diýip çaklady. Grafen häzirki wagtda iPhone-da ulanylýan misden öňe geçýän ýokary ýylylyk geçirijiligine eýedir. Apple smartfon öndürijisi temperatura režimini kadalaşdyrmak üçin grafen bilen gyzyklanýar, ykjam enjamlary gyzanda sowatmak üçin materialyň ulanylyşyna degişli gözlegler bilen baglanyşykly patentleri berýär.